Terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Geçirýän operasiýalary bilen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agyr zarba salýan Türk Howpsuzlyk güýçleri, güýz paslynda ýurdyň içinde we daşary ýurtlarda geçiren operasiýalary bilen jemi 382 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

1542369
Terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Türkiýäniň Howpsuzlyk güýçleri, ýurdyň parahatçylygyny we asudalygy bozmak üçin hyýanatçylykly hüjümler guraýan terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda geçiren howa we gury ýer operasiýalary bilen garşylyk görkezdi. 

Güýz paslynda ýurdyň içinde we daşary ýurtda geçiren operasiýalarynda aralarynda guramanyň ýolbaşçylary hem bolan jemi 382 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Terror guramasy ÝPG/PKK-a we guramanyň ýaşlar düzümine garşy ýurdyň ençeme welaýatynda geçirilen operasiýalarda göz tussaglygyna alynan 165 adam tussag edildi. 

Içeri işler edarasynyň we Žandarma güýçleriniň şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 7-nji dekabryna çenli bilelikde eden tagallalarynyň netijesinde terror guramanyň düzüminden gaçyp howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 225-e ýetdi. 



Degişli Habarlar