TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjany Şanly Ýeňişi Bilen Gutlady

“Bir Watan Operasiýasynda uly ýeňiş gazanan Azerbaýjany Ýeňiş Güni bilen gutlaýaryn

1543167
TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjany Şanly Ýeňişi Bilen Gutlady

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjany Ýeňiş Güni mynasibetli gutlady.

Şentop Twitterden beren habarnamasynda “Bir Watan Operasiýasynda uly ýeňiş gazanan Azerbaýjany Ýeňiş Güni bilen gutlaýaryn. Garabaga Azerbaýjanyň baýdagyny asmak, zulumyň we basyp alyşlygyň bes edilmegi üçin gurban bolan 2783 gahrymanymyza Alladan rehnet dileýärin. Iki döwlet, bir millet” diýdi.

Şentop habarnamasynda, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň basyp alyşlygy astyndaky territorasyny halas edendigi mynasibetli, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda paýtagt Bakudaky Azatlyk meýdanynda geçirlen Ýeňiş dabarasynda alynan foto surata hem ýer berdi.



Degişli Habarlar