"ÝB maslahatynda kabul ediljek islendik sanksiýa karary Türkiýä ol diýen hem täsir ýetirmez"

Prezident Erdogan, Ýewropa Bileleşiginiň islendik sanksiýa kararynyň Türkiýä ol diýen hem täsir ýetirmejekdigini belledi

1542478
"ÝB maslahatynda kabul ediljek islendik sanksiýa karary Türkiýä ol diýen hem täsir ýetirmez"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Azerbaýjana gurajak saparyndan ozal beren beýanatynda, ertir geçiriljek ÝB Liderler maslahatynyň üstünde durup geçdi. 

"ÝB maslahatynda kabul ediljek islendik sanksiýa karary Türkiýä ol diýen hem täsir ýetirmez" diýip bellän Prezident Erdogan, şonsyz hem resmi ýagdaýda 1963-nji ýyldan bäri ÝB-nyň Türkiýä dowamly häsýetde sanksiýa goýandygyny habar berdi. 

Hiç wagt ÝB-niň dogruçyl hereket etmändigini, beren sözüniň arkasynda durmandygyny aýdan Erdogan: "Emma, biz hemişe sabyr etdik we häzirki wagtda hem sabyr edýäris" diýip belledi. 

Erdogan Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakisiň Gündogar Ortaýer deňizi bilen baglanşykly beren beýanatynyň hem üstünde durup geçip: "Aslyna garanyňda hemişe gepleşiklerden gaçýanlar şular. Hiç wagt bular gepleşiklere oňyn garamadylar. Bular ýaly gepleşiklerden gaçmak, ýalan syýasatdyr. Biz bolsa onda öz ýolumyzy dowam edýäris. Gündogar Ortaýer deňizi bilen baglanşykly bolsa biz ol ýerdäki hukuklarymyzy näme bolsa, şol hukuklarymyzy goramaga dowam ederis. DKTR-nyň hukuklaryny soňuna çenli goramaga dowam ederis. Emma, eger Gresiýa bir goňşy hökmünde dogruçyl hereket etse, biz hem öz gezegimizde gepleşikler stolunda bolmaga dowam ederis" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar