"Ýewropa Bileleşigi bilen meseleleri diňe dialog we diplomatiýa bilen çözüp bileris"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Ýewropa Bileleşigi bilen meseleleri diňe dialog we diplomatiýa bilen çözüp bileris" diýip belledi

1541694
"Ýewropa Bileleşigi bilen meseleleri diňe dialog we diplomatiýa bilen çözüp bileris"

 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen Türkiýä gelen Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýarto bilen ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly, metbugat ýygnagynda eden çykyşynda, Gresiýa bilen baglanşykly meselelerde Ýewropa Bileleşiginiň dogruçyl araçylyk etmelidigini belläp: "Ýewropa Bileleşigi bilen meseleleri diňe dialog we diplomatiýa bilen çözüp bileris" diýip nygtady. 

Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýarto bolsa öz gezeginde, Ýewropanyň howpsuzlygynda Türkiýäniň eýeleýän rolunyň üstünde durup geçip: "Halasynlar ýa-da halamasynlar tapawudy ýok, Ýewropanyň howpsuzlygy esasan hem Türkiýäniň elindedir" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar