Türkiýe Parahatçylyk Çeşmesi sebitine ynsanperwer kömek bermäge dowam edýär

Türkiýe Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde ýaşaýan asuda ilata ynsanperwer kömek taýdan ýardam bermäge dowam edýär

1540584
Türkiýe Parahatçylyk Çeşmesi sebitine ynsanperwer kömek bermäge dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Türkiýäniň Siriýalylara ynsanperwer kömek bermäge dowam edýändigini mälim etdi. 

Türk esgerleriniň sebitiň halkyna berýän ynsanperwer kömekleriniň suratynyň hem paýlaşylan beýanatda: "Gahryman esgerlerimiz tarapyndan 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlary aralygynda terrorçylardan saplanan, terrorçylaryň basyşyndan we zulumyndan azat edilen Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde mätäç bolan adamlara ynsanperwer kömek ýetirmäge dowam edýär" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar