Noýabr aýynda 79 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Noýabr aýynda 1-i gyzyl 5-si çal kategoriýada bolan jemi 79 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1539538
Noýabr aýynda 79 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Ismail Çatakly, noýabr aýynda geçirilen işler bilen bagly metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Içeri işler ministrliginiň koordinasiýasy esasynda geçirilen içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde noýabr aýynda obalyk ýerlerde 7-si uly, 46-sy orta derejeli jemi 9 müň 770 operasiýa, şäherlerde bolsa 1 müň 325 operasiýa geçirildi. 

Noýabr aýynda aralarynda Terrordan gözlenýänleriň sanawynda gyzyl kategoriýa boýunça gözlenýän "Ýylmaz Dersim" adyny ulanýan Ismail Sürgeç bilen çal kategoriýa boýunça gözlenýän ýene-de 5 terrorçy bolmak bilen jemi 79 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar