Türkiýäniň Agry welaýaty bilen Eýranyň arasyndaky serhetde diwar gurluşyk işleri tamam boldy

Süleýman Soýlu beren beýanatynda, durmuşa geçirilen taslama bilen bagly suratlary hem paýlaşdy

1539653
Türkiýäniň Agry welaýaty bilen Eýranyň arasyndaky serhetde diwar gurluşyk işleri tamam boldy

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Türkiýäniň Agry welaýaty bilen Eýranyň arasyndaky serhetde 81 kilometrlik uzynlygyndaky diwar gurluşyk işleriniň tamam bolandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Ministrligimiz tarapyndan alynyp barylýan Serhet Fiziki howpsuzlyk ulgamlarynyň çäginde, Türkiýäniň Agry welaýaty bilen Eýranyň arasyndaky serhetde 81 kilometrlik diwar gurluşyk işleri tamam boldy. Örän kyn geografik şertlere garamazdan 2 ýylda taslamanyň tamamlanmagyna goşant goşan Agry welaýatynyň gubernatorlygyna, TOKI edarasyna we kärhanalara, taslamanyň durmuşa geçirilmeginde zähmet çeken işgärlerimize we inženerlerimize, terror guramasynyň howplaryny ortadan aýyran howpsuzlyk güýçlerimiz minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berdi. 

Süleýman Soýlu beren beýanatynda, durmuşa geçirilen taslama bilen bagly suratlary hem paýlaşdy. 



Degişli Habarlar