PKK/KJK-a agza ýene-de 2 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Şu ýyl edilen tagallalaryň netijesinde howpuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 218-e ýetdi

1538772
PKK/KJK-a agza ýene-de 2 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň howpsuzlyk güýçlerine boýun egmek prosesi dowam edýär. 

Şol çäkde Içeri işler ministrliginiň koordinasiýasy esasynda Içeri işler edarasy we Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi tarapyndan edilen tagallalaryň netijesinde terror guramasy PKK/KJK-dan gaçan 2 terrorçy, Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda guramanyň düzümine goşulandyklary we Siriýada iş alyp barandyklary mälim edildi. 

Şeýlelik bilen şu ýyl edilen tagallalaryň netijesinde terror guramasy PKK/KJK-dan gaçyp Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 218-e ýetdi. 



Degişli Habarlar