Goranmak ministrligi: "Soňky 1 aýda 80 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi

Goranmak ministrligi terrora garşy göreşiň çäginde soňky 1 aýda 80 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

1536402
Goranmak ministrligi: "Soňky 1 aýda 80 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, Milli Goranmak ministrliginiň Metbugat-Jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminde, Harby-howa aragatnaşyklar bölüminden maýor Pynar Kara tarapyndan metbugat ýygnagy geçirildi. 

Terrora garşy göreşiň çäginde soňky 1 aýda 8-i uly, 26-sy orta ululykdaky jemi 34 operasiýanyň geçirilendigini aýdan Pynar Kara, şol operasiýalarda 80 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Kara: "Yragyň demirgazygynda Penje-3 operasiýasy bilen üpjün edilen ýeriň gözegçiliginiň artdyrylyp dowam etdirilmegi we sebitde bar bolan terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi maksady bilen operasiýalarymyz tutanýerlilik bilen dowam etdirilýär. Şu günki güne çenli 348 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Geçirilýän operasiýalarda sebitiň halkynyň zyýan çekmezligi üçin öňünden çäreler görülýär" diýip habar berildi. 

Kara: "Siriýada terrorçylardan saplanan sebitlerde parahatçylyk we asudalyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza terrorçylar gahryman desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şol çäkde soňky 1 aýyň çäginde 184 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar