Türk Gämisiniň Barlanmagy Ýazgaryldy
Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň maslahaty Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi
Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň maslahaty Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
MHG-niň jemleýji jarnamasynda Gündogar Ortaýer deňizinde Irini operasiýasynyň çäginde türk gämisiniň barlanmagynyň halkara hukugyna we hyzmatdaşlyga bap gelmeýändigi nygtaldy.
Jarnamada türk gämisiniň barlanmagy ýazgaryldy we bu herekete garşy degişli çäreleriň görüljekdigi bellenildi.
Jarnamada “Kipr türklerine äsgermezçilik edilip Ada-da iki jemgyýetiň we iki döwletiň bardygyny kabul etmek islemeýänleriň basyşlary asla kabul edilmez” diýildi.
MHG-niň jemleýji jarnamasynda mundan başgada ýurduň günorta serhetlerinde terror koridorynyň açylmagyna asla rugsat berilmejekdigi ýene-de bir gezek nygtaldy.
Jarnamada, Azerbaýjanyň çärýek asyrdan gowrak wagt bäri basyp alyşlyk astynda bolan territoriasyny yzyna almagyna hoşallyk bildirildi.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.