"Türkiýe Bilen ABŞ, Garaýyş Tapawutlulygyna Garamazdan Ýakyn Hyzmatdaş"

Hulusi Akar, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçdi

1532342
"Türkiýe Bilen ABŞ, Garaýyş Tapawutlulygyna Garamazdan Ýakyn Hyzmatdaş"

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, “Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda garaýyş tapawutlulygynyň bardygyna garamazdan iki ýurt uzak ýyllardan bäri ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär” diýdi.

Halkara Halifaks uniwersiteti tarapyndan geçirlen howpsuzlyk maslahatyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, çykyşynda Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçdi.

Ministr Akar “ABŞ bilen gatnaşyklarymyzda beýleki ýurtlarda hem bolşy ýaly dartgynlyklar başdan geçirildi. Elbetde iki ýurduň arasynda garaýyş tapawutlulygy bar. Emma iki ýurduň arasynda kynçylyklaryň hötdesinden gelip biljek uzak ýyllardan bäri dowam edýän hyzmatdaşlyk bar” diýdi.

Hulusi Akar iki ýurduň Koreýada, Somalide, Balkanlarda, Owganystanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda birlikde işleşendigini emma gynansakda kämahal garaýyş tapawutlylygynyň iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga ýaramaz täsirini ýetirýändigini belledi.



Degişli Habarlar