Mewlüt Çawuşogly Efiopiýada galan türk raýatlar barada beýanat berdi

Çawuşogly, Efiopiýada çaknyşyklaryň arasynda galan türk raýatlar bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandyklaryny habar berdi

1530322
Mewlüt Çawuşogly Efiopiýada galan türk raýatlar barada beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Efiopiýanyň Tigraý sebitinde çaknyşyklaryň arasynda kyn ýagdaýda galan Türkiýäniň raýatlarynyň edilen tagallalaryň netijesinde ýurdyň paýtagty Addis-Abeba şäherine alynyp gidilendigini habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan "Meýdanda we gepleşiklerde güýçli Türkiýe" sözleri bilen paýlaşan beýanatynda, Efiopiýanyň Tigraý sebitinde çaknyşyklaryň arasynda galan türk raýatlar bilen baglanşykly: "Iň ýakyn wagtda Türkiýede maşgalalaryna gowuşarlar" diýip mälim etdi. 

Ministr Çawuşogly, çaknyşyklaryň arasynda galan türk raýatlar bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandyklaryny belläp, Türkiýäniň hemişe ýanlaryndadygyny aýdandyklaryny beýan etdi. 

Tigraý welaýatyny dolandyrýan gozgalançy Tigraý Halk azatlyk fronty güýçleri (TPLF), 3-nji noýabrda ýurdyň Milli goşunyna hüjüm edipdi. Efiopiýanyň Premýer ministri Abiý Ahmed 4-nji noýabrda TPLF-e garşy harby operasiýa başladandyklaryny habar beripdi. 



Degişli Habarlar