Türkiýe Ysraýyla reaksiýa bildirdi

Türkiýe Ysraýylyň Palestinanyň topraklarynyň çäginde bikanun ýaşaýyş ýerlerini gurmagyna nägilelik bildirdi

1528270
Türkiýe Ysraýyla reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Palestina Döwletiniň esaslandyrylmagynyň 32-nji ýyllygy bellenip geçilýän bu günlerde, Palestinanyň topraklarynyň palestinalylara degişlidigini ýene-de bir gezek ýatladýarys, halkara jemgyýetiň iki döwletli çözgüt meýilnamasyny goldaýan ähli agzalaryny, Ysraýylyň kanun bozujy hereketlerine garşy durmaga çagyrýarys" diýip bellendi. 

Beýanatda, ozal Gündogar Iýerusalimde goşmaça 108 bikanun ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyna rugsat beren Ysraýylyň, bu gezek bolsa Gündogar Iýerusalimde ýene-de 1 müň 257 bikanun ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy baradaky karary bilen, halkara hukugyň düzgünlerini bozmagy we Palestinanyň halkynyň haklaryny elinden almagy dowam etdirýändigini ýene-de bir gezek görkezendigi nygtaldy. 

Beýanatda Ysraýylyň Gündogar Iýerusalim bilen Günbatar Şerianyň arasynda bikanun ýaşaýyş ýerlerini gurmak maksady bilen, geografik bütewilige eýe garaşsyz we özbaşdak bir Palestina döwletiniň esaslandyrylmagyna päsgel bermäge synanyşýandygy bellendi.



Degişli Habarlar