Çawuşoglu, ABŞ-nyň Owganystan Boýunça Ýörite Wekili Zalmaý Halilzad Bilen Duşuşdy

“Owganystanda parahatçylygyň we durnuklulygyň ýola goýulmagy baradaky tagallalara goldaw bermäge dowam ederis”

1526753
Çawuşoglu, ABŞ-nyň Owganystan Boýunça Ýörite Wekili Zalmaý Halilzad Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşoglu Daşary işler ministrliginde bolan duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Halilzad bilen Owganystandaky parahatçylyk etabynda ýetilen soňky sepgit hakynda pikir alyşandygyny ýatlatdy.

Çawuşoglu “Owganystanda parahatçylygyň we durnuklulygyň ýola goýulmagy baradaky tagallalara goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar