Yragyň demirgazygynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beýanat berdi

1522934
Yragyň demirgazygynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan we Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, terror guramasyna garşy geçirilen operasiýalar barada sosial media hasabyndan beýanat berdi. 

Beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde anyklaýyş we gözegçilik enjamlary bilen anyklanan we hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi kesgitlenen PKK-a agza 1 terrorçy bilen Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza ýene-de 1 terrorçy desant güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar