Azerbaýjan, Ermenistanyň Hüjümlerini Dünýä Ýurtlaryna Ýetirendigi Üçin TRT-ä Sag Bolsun Aýtdy
Hajiýew, TRT-niň Ermenistanyň asuda ilata garşy hüjümleri hakyndaky habarlary dünýäniň çar tarapyna ýetirendigini nygtady
1522478
Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajiýew, Ermenistanyň hüjümleri hakyndaky habarlary dünýä ýurtlaryna ýetirendigi üçin Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-ä sag bolsun aýtdy.
Hajiýew, Twitterden türk we iňlis dillerinde beren habarnamasynda, TRT-niň Ermenistanyň asuda ilata garşy hüjümleri hakyndaky habarlary dünýäniň çar tarapyna ýetirendigini nygtady.
TRT-niň sebitdäki hakykatlary dünýä ýurtlaryna ýetirendigi üçin ermeni propagandasynyň nyşana ýagdaýyna gelendigini aýdan Hajiýew, habarnamasynda TRT-ä sag bolsun aýdýandygyny belledi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň Baş ştabynyň başlygy BAE-li kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Kärdeşler dabaradan soň metbugata ýapyk häsýetde ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirdi