Şyrnak welaýatynda 3 terrorçy Howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1521614
Şyrnak welaýatynda 3 terrorçy Howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi, aralarynda 21 ýyl bäri terror guramasynyň düzüminde bolan PKK-a agza 3 terrorçynyň Şyrnak welaýatynd edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigini habar berdi. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, terror guramanyň düzüminde gaçýan terrorçylaryň sanynyň barha köpelýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Içeri işler ministrliginiň koordinasiýasy esasynda Içeri işler edarasy we Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi tarapyndan edilen tagallalaryň netijesinde, terror guramasy PKK/KJK-nyň düzümine 1999-njy ýylda, 2007-nji ýylda we 2009-njy ýylda goşulan 3 terrorçy Şyrnak welaýatynda Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi" diýip aýan edildi. 

Howpsuzlyk güýçleriniň eden tagallalarynyň netijesinde ÝPG/PKK-a agza ýene-de bir terrorçynyň Siriýa serhedindäki Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda Howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar