Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Erdogan: "Tiz depginler bilen dikeliş etabyna giren ykdysadyýetimiziň bu depginini ýylyň 4-nji çärýeginde hem gorajakdygymyza, ýyly oňyn görkezijiler bilen ýapjakdygymyza ynanýaryn" diýip belledi

1521341
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, düýn geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Prezident Erdogan, ykdysadyýetde ýylyň 2-nji çärýeginiň täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň täsiri astynda geçirilmegine garamazdan, beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende çäkli peselmäniň başdan geçirilendigini belledi. 

Ýylyň 3-nji çärýeginde bolsa, görülen ýerlikli kararlar bilen we tolgunmlara garşy immunitet dörän gurluşy bilen güýçli bir dikelmäniň bolandygyny aýdan Erdogan: "Ösen we ösüp barýan ýurtlaryň eksportlarynyň örän peselen epidemiýa etabynda, Türkiýäniň bular ýaly ösüş etmegi gelejek bilen bagly umyt döredýär. Beýleki ýurtlara garanyňda tiz depginler bilen dikeliş etabyna giren ykdysadyýetimiziň bu depginini ýylyň 4-nji çärýeginde hem gorajakdygymyza, ýyly oňyn görkezijiler bilen ýapjakdygymyza ynanýaryn. Ählimiz birlikde sabyr edip köp zähmet çekenimizde öňümizde ýagty gelejegiň boljakdygyny eýýäm şu wagtdan görüp bilýäris" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #ykdysadyýet , #Erdogan

Degişli Habarlar