Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylygynda Jemlenşer

Mejlisiň gün tertibinde Izmirde bolan ýer titremesi meselesi esasy orun eýeleýär

1520898
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylygynda Jemlenşer

 

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi şu gün sagat 15.00-da Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda jemlenşer

Mejlisiň gün tertibinde Izmirde bolan ýer titremesi meselesi esasy orun eýeleýär.

Minisrtler Kabinetiniň agzalary koronawirusa garşy göreş meselesini hem ara alyp maslahatlaşar.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Türkiýede epidemiýa garşy alnyp barylýan göreş we sanjym işleri barada Ministrler Kabinetiniň agzalaryna maglumat berer. Epidemiýa garşy göreşde görüljek goşmaça çäreler seljerler.

Ministrler Kabinetiniň agzalary Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasyndaky soňky ýagdaý, terrora garşy göreş, Gündogar Ortaýer deňizi we Siriýa meselesi hem ara alyp maslahatlaşar.

Prezident Erdoganyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinden soň beýannama bermegine garaşylýar.



Degişli Habarlar