Izmirdäki ýer titremede adam ýitgisi 85-e ýetdi

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) ýer titreme bilen bagly beýanat berdi

1520273
Izmirdäki ýer titremede adam ýitgisi 85-e ýetdi

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) tarapyndan berilen beýanatda, ýer titremede ýogalan adamlaryň sanynyň 85-e ýetendigi, hassahanalardaky 220 adamyň bolsa bejergileriniň dowam edýändigi mälim edildi. 

AFAD tarapyndan berilen beýanatda: "Saglygy goraýyş Apat koordinasiýasy merkezinden alynan maglumata görä, 85 raýatymyz ýogaldy. Ýaralanan 994 raýatymyzyň 774-i bejergisi tamamlanyp, öýlerine ugradyldy, 220 raýatymyzyň hassahanalardaky bejergileri dowam edýär. Izmirde 8 binada gözleg we saplaýyş işleri dowam edýär" diýip aýan edildi. 

30-njy oktýabrda Türkiýäniň wagty bilen sagat 14:51-de Egeý deňizinde, Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabynyň 17 km alysynda 6,6 bal ululygynda ýer titremesi başdan geçirilipdi. 

Ýer titremäniň ýeriň 16,54 km aşagynda emele gelendigi mälim edilipdi. 



Degişli Habarlar