Ömer Çelik Emmanuel Makronyň sözlerini tankyt etdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik: "Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Yslama garşy sözleri DAIŞ ýaly terror guramalaryny ideologiýa we logistika taýdan üpjün edýär" diýdi

1517176
Ömer Çelik Emmanuel Makronyň sözlerini tankyt etdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, partiýasynyň Merkezi Karar we dolanşyk geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä, güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi. 

Ömer Çelik, Emmenual Makronyň Liwiýadaky syýasaty çökeninden soň Prezident Rejep Taýýip Erdogany we Türkiýäni nyşana alýan bir syýasat ýöretmäge başlandygyny habar berdi. 

Makronyň, "Yslam radikalizmine garşy göreş" atly bir terror kanunyny Ministrler kabinetiniň mejlisine ugratjak bolýandygyny ýatladan Ömer Çelik: "Fransiýa Yslam barada aýdýar. Öz kellesine görä dinleri, adamlary bir inženerçilik işlerinden geçirip, tapawutly şekillere öwürip biljekdigini pikir edýär. Emma ähli bu sözler rasizmi, ýigrenç bilen bagly jenaýatlary, Yslam duşmançylygyny, antisemitizmi öjükdirýän pozisiýalardyr" diýip belledi. 

Ömer Çelik: "Makronyň Yslama garşy sözleri DAIŞ ýaly terror guramalaryny ideologiýa we logistika taýdan üpjün edýär. Ýewropaly musulmanlar Ýewropanyň demokratik jemgyýetleriniň aýrylmaz bir bölegidir, olar bolmadan Ýewropa jemgyýetini göz öňüne getirip bolmaz" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar