Ahlaksyz Karikatura Berk Reaksiýa Bildirildi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Şarli Ebdo žurnalynyň Prezident R.T.Erdogan bilen bagly ahlaksyz neşrini näletleýändigini beýan etdi

1517311
Ahlaksyz Karikatura Berk Reaksiýa Bildirildi

Fuat Oktaý Twitter hasabyndan beren habarnamasynda: “Pikir azatlygynyň arkasyna bukulyp, hiç kimi aldadyp bilmersiňiz! Ýola gelmez fransuz esgisiniň Prezidentimiz bilen bagly aklaksyz neşrini näletleýärin. Ahlakly, wyždanly halkara jemgyýetçiligini bu masgaraçylyga garşy reaksiýa bildirmäge çagyrýaryn” diýdi.

Adalat ministri Abdulhamit Gül hem Twitter hasabyndan beren habarnamasynda: “Ýewropanyň gumanitar gymmatlyklaryndan nesibesini almadyk faşistler, söz azatlygynyň nämedigini bilmeýäňiz. Geçmişden şu günki güne üýşüren sahypalaryňyza günde birini goşýaňyz. Şuny biliň we ýatdan çykarmaň: Prezident R.T.Erdogan asla ýeke galmaz” diýip ýazdy.

Prezidentiň metbugat Sekretary Ibrahim Kalyn hem Prezident R.T.Erdogany nyşana alan “karikatura” neşir edýän fransuz “Şarli Ebdo” žurnalyny ýazgardy.

Twitter hasabyndan reaksiýa bildiren Kalyn: “Dini ynançlara, mukaddesliklere we gymmatlyklara sarpa goýmaýan fransuz žurnalynyň Prezidentimiz bilen bagly neşrini berk ýazgarýarys. Bular diňe öz pespälliklerini we ahlaksyzlyklaryny görkezýärler. Adam hukuklaryny äsgermezçilik, satira we söz azatlygy däl” diýip ýazdy.

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun hem Twitter hasabyndan beren habarnamasynda: “Şol žurnalyň medeni rasizm we ýigrenç döretmek ugrundaky pespälligini ýazgarýarys. Şol karrikaturada diýilýänler tisgindiriji bolşy ýaly, gumanitar ahlakdan hem mahrum. Ol, aç-açan fransuz lideriniň ýurdy üçin isleýän daşary ýurt duşmany, yslamafobik we hoş niýetsiz medeni gatlagyň önümidir” diýdi.

Fransuz žurnalyna Adalat we ösüş partiýassynyň metbugat sekretary Ömer Çelik hem reaksiýa bildirdi.

Twitter arkaly garşylygyny beýan eden Çelik: “Şol düşünje tisgindiriji çäge ýetdi” diýip, nygtady.

Çelik Prezident Erdoganyň egilşiksiz pozisiýasynyň şol ýigrenç frontunyň iki ýüzli ahlaksyzlygynyň stoluň başynda we söweş meýdanynda ýeňilişe sezewar bolmaga dowam etjekdigini nygtap, dini ynançlara sarpa goýýan her bir adamy şol pespäl neşiri näletlemäge çagyrdy.



Degişli Habarlar