Türkiýe Kamerunda mekdebe guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Kamerun döwletinde mekdepleriň birine guralan, köp sanda çaganyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümi ýazgardy

1516351
Türkiýe Kamerunda mekdebe guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginen berilen ýazmaça beýanatda, Kamerunyň Kumba şäherinde hususy mekdepleriň birine garşy 24-nji oktýabrda guralan hüjümde köp sanda çaganyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bigünä çagalara garşy guralan bu hüjümi ýazgarýarys. Dostlukly we doganlyk Kamerunyň halyna we hökümetine gynanç, ýaralanan çagalaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip belledi. 

Kamerukda aýralykçy bir topar, Anglofon Günorta-günbatar sebitiniň Kumba şäherindäki hususy mekdepleriň birine hüjüm gurapdy, wakada azyndan 8 okuwçy ýogaldy, köp sanda çaga bolsa ýaralandy. 


Etiketkalar: #okuwçy , #mekdep , #hüjüm , #Kamerun

Degişli Habarlar