“Türk Tarapy Kipr Meselesiniň Adalatly Ýagdaýda Çözülmegini Isleýär”

“Türkiýäniň Kiprde adalatly we yzygiderli çözgüdüň tapylmagy baradaky tagallasy baky”

1516450
“Türk Tarapy Kipr Meselesiniň Adalatly Ýagdaýda Çözülmegini Isleýär”

 

Prezident R.T.Erdogan ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä guraýan DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Erdogan, “Türkiýäniň Kiprde adalatly we yzygiderli çözgüdüň tapylmagy baradaky tagallasy baky” diýdi.

Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Erdogan, “Dartgynlygyň jogapkäri 2003-nji ýyldan bäri duýduryşlara gulak asmaýan, tekliplere üns bermeýän Kipriň grek bölegi bilen Gresiýa” diýip belledi.

Prezident Erdogan “Kipriň grek bölegi Kipr türkleriniň hukuklaryny elinden almak isleýär. Emma ol ýerde iki aýry halk we olaryň guran iki aýry döwleti bar” diýdi.

Ersin Tatary ýene-de bir gezek saýlawda gazanan üstünligi bilet gutlan, saýlawlaryň  Kipr türk halkynyň demokratiýa medeniýetini görkezýändigini we aç-açan ýagdaýda geçirlendigini nygtan Prezident Erdogan 15-nji noýabrda DKTR-na sapar gurajakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar