Erdogan: "Fransiýanyň önümlerini asla satyn almaň" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Fransiýanyň önümlerini boýkot etmek barada çagyryş berdi

1516214
Erdogan: "Fransiýanyň önümlerini asla satyn almaň" diýdi

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Beştepe Millet Kongres we medeniýet merkezinde Mewlidi Nebi hepdesiniň açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Yslama garşy aýdan beýanatlaryndan soň başlan Yslamafobik hüjümler bilen baglanşykly: "Geliň Fransiýada eger musulmanlara zulum bar bolsa, onda ählimiz bilelikde ol ýere hem eýe çykalyň diýip dünýä liderlerine çagyryş berýärin" diýip belledi. 

Erdogan: "Fransiýanyň akly gözegçilik edilmäge mätäç bolan lideriň höweslendirmegi bilen bu hüjümler guralmaga başlandy. Bu ýerde milletime seslenýärin, Fransiýanyň önümlerini asla satyn almaň" diýip nygtady. 

Germaniýada metjide guralan hüjüm bilen baglanşykly hem Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkele ýüzlenip çykyş eden Erdogan: "Hany sizde din azatlygy bardy, hany sizde din we dinini ýaşaýanlara döwletiňiziň kepilligi bardy? Şolar ýaly bolýan bolsa, onda nädip 100-den gowrak polisiýa işgäri barlag üçin metjide girýär? Şularyň tersini siz şu günki güne çenli Türkiýeden eşitdiňizmi? Ýok. Näme üçin, sebäbi bizde hakyky din azatlygy bar" diýip belledi. 

Çykyşynda, Yslam we musulman duşmançylygynyň käbir Ýewropa ýurtlarynda hut Döwlet baştutanlary derejesinde goldanýan syýasat ýagdýayna gelendigini aýdan Prezident Erdogan: "Siz sözüň doly manysynda faşistsiňiz, siz sözüň doly manysynda Nasistleriň zynjyr halkalarysyňyz. Soňky günlerde başdan geçirilen hadysalary, döwlet baştutanlary derejesinde goldanýan eden-etdilikleri, erte namazy okalýan mahaly metjitlerimize polisiýa işgärleriniň girmegini ýönekeý waka hökmünde garamaýarys. 6 million raýaty Ýewropada ýaşaýan ýurdyň Prezidenti hökmünde şu duýduryşy bermegiň peýdasynyň bardygyny görýärin: Musulmanlary duşman edip görkezip, gazanjak hiç hili galaňyz bolmaz. Eden-etdiligiňiziň üstüni örtmek maksady bilen giren bu ýoluňyzyň soňy apatdyr" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar