Şyrnak welaýatynda bir terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi beýanat berdi

1514695
Şyrnak welaýatynda bir terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Şyrnak welaýatynda Içeri işler edarasynyň we Žandarma güýçleriniň bilelikde eden tagallalarynyň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 1 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Ministrligiň koordinasiýasy esasynda Içeri işler edarasynyň we Žandarma güýçleriniň terrorçylaryň boýun egmegi bilen bagly tagallalarynyň dowam edýändigi habar berildi. 

Edilen tagallalarynyň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 1 terrorçynyň Şyrnak welaýatynda howpsuzlyk güýçlerine boýun egendigi aýdylýan beýanatda: "Edilen tagallalaryň netijesinde howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçynyň, 2010-njy ýylda guramanyň düzümine goşulandygy we Yrakda iş alyp barandygy kesgitlendi. Boýun egen soňky terrorçy bilen birlikde şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 185-e ýetdi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar