Putin Erdogan Barada Öwgüli Sözler Aýtdy

“Erdogan, basyşlara garamazdan garaşsyz daşary syýasat alyp barýar”

1514370
Putin Erdogan Barada Öwgüli Sözler Aýtdy

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky taslamalaryň Prezident R. T. Erdoganyň tutanýerli tutumy netijesinde durmuşa geçirlendigine ünsi çekip, “Erdogan, basyşlara garamazdan garaşsyz daşary syýasat alyp barýar” diýdi.

Wladimir Putin, wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen halkara maslahatda soraglara jogap berdi.

Türkiýe bilen Fransiýanyň arasynda Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde başdan geçirlen dartgynlykda Russiýanyň töwellaçy bolup bolmajakdygy hakyndaky soraga jogap beren Putin, ýurdunyň hem Fransiýa hem-de Türkiýe bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtady.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Wladimir Putin, özara söwda mukdarynyň 20 milliard dollardan geçendigine ünsi çekdi.

Putin “Prezident R. T. Erdogan, halkara basyşlara garamazdan garaşsyz daşary syýasat alyp barýar. Erdogan bilen gysga wagtda TrükAkym taslamasyny durmuşa geçirdik. Emma Ýewropa bilen gysga wagtda uly taslamany durmuşa geçirmek gaty kyn” diýdi.

Wladimir Putin, Demirgazyk Akym 2 tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi meselesinde Ýewropa bilen käbir kynçylyklaryň başdan geçirilýändigini ýatlatdy.

Putin “Emma Türkiýe bilen ähli garşylyklara garamazdan milli bähbitlerimize laýyklykda TürkAkym taslamasyny gysga wagtda durmuşa geçirdik. Erdogan “taslamany durmuşa geçireris”diýdi we biz munyň hötdesinden geldik. Türkiýe, harby tehniki hyzmatdaşlyk pudagynda hem S-400 ulgamyny almak barada karar kabul etdi we satyn aldy. Şeýle hyzmatdaş bilen işleşmek has gowy we ynamly” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar