Ýerli Sanjym 2 Hepdäniň Dowamynda Ynsanlarda Synagdan Geçirilmäge Başlanar

“Öňümizdäki bahar aýlaryna çenli sanjym meselesini dolulygyna çözmegi maksat edinýäris”

1512886
Ýerli Sanjym 2 Hepdäniň Dowamynda Ynsanlarda Synagdan Geçirilmäge Başlanar

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama beren Prezident R. T. Erdogan, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ýerli sanjymyň iki hepdäniň dowamynda ynsanlarda synagdan geçirilmäge başlanjakdygyny aýtdy.

Dünýäniň çar tarapynda taýarlanýan sanjymlaryň Türkiýede ulanylmagy meselesinde hem öňe gidişlik edilendigini ýatladan Prezident Erdogam “Ýerli sanjym 2 hepdäniň dowamynda ynsanlarda synagdan geçirilmäge başlanar” diýdi.

Bu meselede üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli uly öňe gidişlik edilmegini umyt edýändiklerini nygtan Erdogan “Öňümizdäki bahar aýlaryna çenli sanjym meselesini dolulygyna çözmegi maksat edinýäris” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar