“Täjigistanda Geçirlen Prezident Saýlawynyň Netijesi Dost Täjik Halky Üçin Düşümli Bolsun”
“Türkiýe bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has-da pugtaljakdygyna ynanýarys”
Türkiýe, Täjigistandaky prezident saýlawlarynyň asuda ýagdaýda geçirilmeginden hoşaldygyny mälim etdi.
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Täjigistan Respublikasynda 11-nji sentýabrda geçirlen prezident saýlawynyň netijesiniň dost täjik halky üçin düşümli bolmagyny arzuw edýäris”diýildi.
Beýannamada “Saýlawlaryň asuda ýagdaýda geçirilmegine hoşallyk bildirýäris. Türkiýe bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde has-da pugtaljakdygyna ynanýarys” diýildi.
Täjigistanda düýn geçirlen prezident saýlawynda Imomali Rahmon sesleriň 90,92 göterimini alyp 5-nji gezek prezidentlige saýlandy.
Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Bahtiýar Hudaýarzade, metbugata beren beýannamasynda saýlawda 4 million 221 müň saýlawçynyň ses berendigini we saýlawa bolan gatnaşygyň 85,39 göterime barabardygyny mälim etdi.