Şyrnakda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçynyň Ahmet Çagdawuldygy aýan edildi

Şyrnak welaýatynda düýn täsirsiz ýagdaýa getirilen 2 terrorçynyň biriniň 5 işgäriň şehit bolmagy bilen netijelenen hüjümleriiň jogapkärlerinden Ahmet Çagdawuldygy mälim edildi

1506095
Şyrnakda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçynyň Ahmet Çagdawuldygy aýan edildi

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Ýyldyrym-1 operasiýasynyň çäginde Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynyň Judi Dagy sebitinde düýn welaýat Žandarmda güýçleri we Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan bilelikde geçirilen we Harby-howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen 2 terrorçynyň biriniň şahsyýeti anyklandy. 

Terrorçylaryň biriniň Botan welaýatynyň Judi frontynyň Derebaşy-Kösreli toparynyň jogapkäri hökmünde terrorçylykly işler alyp baran "Baran Kyçi" adyny ulanýan Ahmet Çagdawuldygy aýan boldy. 

Terrorçy Ahmet Çagdawulyň 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Silopi etrabynyň Şuri Depe sebitinde howpsuzlyk diňiniň gurluşygynda işleýän 1 adamyň, 2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda bolsa Silopi etrabynyň Jelasör Depe sebitinde ýol gurluşygynda işleýän ýene-de 4 adamyň elde ýasalan partlaýjy madda bilen şehit edilmegi bilen netijelenen terrorçylykly hüjümleriň jogapkäridigi kesgitlendi. 



Degişli Habarlar