Mewlüt Çawuşoglu Kanadaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kanada basyp alyjy tarap Ermenistana Azerbaýjanyň territoriasyndan çekilmegi üçin çagyryş bermeli

1506436
Mewlüt Çawuşoglu Kanadaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Kanadanyň basyp alyjy tarap Ermenistana Azerbaýjanyň territoriasyndan çekilmegi üçin çagyryş bermelidigini aýtdy.

Mewlüt Çawuşoglu, Kanadanyň Daşary işler ministri François Filippe Çampange bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Daglyk Garabag meselesi hakynda pikir alyşdy.

Daglyk Garabagda Ermenistanyň hüjümleri hakyndaky garaýyşlaryny beýan eden Çawuşoglu, Kanadanyň basyp alyjy ýurt Ermenistana “Azerbaýjanyň territoriasyndan çekilmegi üçin” çagyryş bermelidigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar