Erdogan we Merkel wideo aragatnaşyk arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Azerbaýjanyň topraklary bilen baglanşykly meseläniň çözüwi üçin BMG-nyň kararlarynyň ýola goýulmagynyň gerekdigini belledi

1503911
Erdogan we Merkel wideo aragatnaşyk arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen wideo aragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 

Erdogan-Merkel söhbetdeşliginde, Gündogar Ortaýer deňizindäki we Liwiýadaky wakalar bilen Azerbaýjan-Ermenistan meselesi başda bolmak bilen sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Erdogan, Merkele Ermenistanyň basyp alyjylygy astyndaky Azerbaýjanyň territoriýasy bilen baglanşykly meseläniň çözüwi üçin BMG-nyň kararlarynyň ýola goýulmagynyň gerekdigini habar berdi. 

Prezident Erdogan, Liwiýada meýdanda üpjün edilen durnuklulygyň syýasynda ýüze çykan mümkinçiligiň ýersiz ýere sarp edilmeli däldigini Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkele ýetirdi. 



Degişli Habarlar