“Garabag Ermeni Basybalyjylaryndan Halas Bolýança Göreş Dowam Eder”

"Dost we doganlyk ýurt Azerbaýjana ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam edýäris we ederis"

1501817
“Garabag Ermeni Basybalyjylaryndan Halas Bolýança Göreş Dowam Eder”

Prezident R. T. Erdogan, Garabag, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas bolýança göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

Konýa Şäher hassahanasynyň açylyş dabarasynda söz sözlän Prezident Erdogan, Ermenistanyň , Garabag meselesi heniz çözülmänkä ýaňadandan hüjüm edendigini emma bu gezek garaşylmadyk wakany başdan geçirýändigini aýtdy.

Doganlyk ýurt Azerbaýjanyň, basyp alyşlyk astyndaky Garabagy halas etmek üçin uly operasiýa başladandygyny we öňe berýän Azerbaýjanynyň goşunynyň esasy ýerleriň gözegçiligini ele geçirendigini aýdan Erdogan “ Dost we doganlyk ýurt Azerbaýjana ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam edýäris we ederis. Garabag basyp alyşlykdan halas bolýança bu göreş dowam eder” diýdi.

Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan, Türkiýäniň Liwiýa şertnamasy bilen Gündogar Ortaýer deňiziniň esasy bölegini legal iş sferasyna öwürendigini belledi.



Degişli Habarlar