Erdogan Kuweýdiň Täze Emirini Gutlady

Erdogan, Kuweýdiň täze Emiri Şyh Newwaf Al Ahmed Al Jabir As Sabah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1500506
Erdogan Kuweýdiň Täze Emirini Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Kuweýdiň täze Emiri Şyh Newwaf Al Ahmed Al Jabir As Sabah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Kuweýdiň Emiri Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabahyň ýogalmagyna gynanç bildirdi we Alladan rehnet diledi, merhumyň hossarlaryna we dost ýurt kuweýdiň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

 As Sabahy täze wezipesi bilen gutlan Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Kuweýdiň arasynda geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýän gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak isleýandiklerini nygtady.

Prezident Erdogan, iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna itergi berjekdigine ynanýandygyny belledi.



Degişli Habarlar