Kalyn Bilen Obrien Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kalyn bilen Obrien Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümleri barada pikir alyşdy

1499814
Kalyn Bilen Obrien Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Ak Tamyň Milli Howpsyzlyk boýunça kömekçisi Robert Obrien bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Kalyn bilen Obrien telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümleri, Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen sebitara meseleler barada pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň Azerbaýjanyň territorial bitewiligine we garaşsyzlygyna goldaw bermäge dowam etjekdigi, sebitara parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin Ermenistanyň Daglyk Garabagdan we basyp alan beýleki ýerlerinden çekilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümleriniň bes edilmegi, BMG-nyň we Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň kararlarynyň çäginde hereket edilmelidigi bellenildi.

Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde bolsa ABŞ-nyň bitarap we deň agramly syýasat alyp barmagyna garaşylýandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar