Fuat Oktaý Azerbaýjanyň Resmileri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Ermenistanyň Azerbaýjana garşy başladan hüjümleri ara alynyp maslahatlaşyldy

1500240
Fuat Oktaý Azerbaýjanyň Resmileri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Azerbaýjanyň Prezidentiniň orunbasary Hikmet Hajyýew we Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Esedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Ermenistanyň Azerbaýjana garşy başladan hüjümleri ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Hem güýçli Türkiýäniň hem-de güýçli Azerbaýjanyň umumy arzuwydygy bellenen telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň soňuna çenli Azerbaýjanyň ýanynda boljakdygy beýan edildi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, sebitde eýýäm 30 ýyl bäri basyp alyjylygyň dowam edýändigini, ýetmeýän ýaly sebiti basyp alan ýurdyň häzirki wagtda hem Azerbaýjanyň territoriýasyna hüjüm edýändigini habar berdi. 

Fuat Oktaý, bu pozisiýanyň dowam etdirilmeginiň we daşardan terrorçylar bilen hüjüm edilmeginiň asla kabul edilmejekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar