Saglygy goraýyş minsitri Fahrettin Koja TRT-e minnetdarlyk bildirdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitter hasabyndan beýanat berdi

1499382
Saglygy goraýyş minsitri Fahrettin Koja TRT-e minnetdarlyk bildirdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy alynyp barylýan üstünlikli göreşiniň giňişleýin ýagdaýda düşündirilen dokumental film sebäpli TRT guramasyna minnetdarlyk bildirdi. 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitter hasabyndan beren beýanatynda, TRT World kanalynda ertir görkeziljek dokumental film üçin minnetdarlyk ýüzlenmesini çap etdi. 

Fahrettin Koja: "TRT World şu hepdäniň çarşenbe güni görkeziljek dokumental filmi bilen, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy alyp barýan üstünlikli göreşini bütin dünýäniň dykgatyna ýetirer. Taýarlyklar epidemiýa garşy göreşde roly uly bolan iki aýry hassahanamyzda 2 aý wagt dowam etdi. Dokumental filmde dünýä meşhur adamlar hem muňa şaýatlyk edýär. TRT-e minnetdarlyk bildirýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar