Mustafa Şentop, Parlamentara Bileleşigiň Başlygy Gabriela Barron Bilen Duşuşdy

Şentop, Barrony, TBMM-niň Stambuldaky kabulhanasynda kabul etdi

1497366
Mustafa Şentop, Parlamentara Bileleşigiň Başlygy Gabriela Barron Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Parlamentara Bileleşigiň başlygy Gabriela Barron bilen duşuşdy.

Mustafa Şentop, wezipesinden çekilýändigi sebäpli hoşlaşyk saparyny dowam etdirýän Barrony, TBMM-niň Stambuldaky kabulhanasynda kabul etdi.

Barron, TBMM tarapyndan Parlamentara bileleşigiň döredilen gününiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen “130 ýyl” atly kitabyň tanyşdyrlyş dabarasyna hem gatnaşypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar