Prezident Erdogan, Angela Merkel we Şarl Mişel bilen geçiriljek üçtaraplaýyn maslahata gatnaşar

Erdogan, şu gün ÝB-niň döwürleýin başlygy we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen maslahat geçirer

1495139
Prezident Erdogan, Angela Merkel we Şarl Mişel bilen geçiriljek üçtaraplaýyn maslahata gatnaşar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, şu gün ÝB-niň döwürleýin başlygy we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen üçtaraplaýyn maslahat geçirer. 

Prezident Erdoganyň gepleşikleriň barşynda Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde dialogyň  tarapdarydygyny ýene-de bir gezek belläp geçmegine garaşylýar. 

Üçtaraplaýyn maslahatda Türkiýäniň şertsiz ýagdaýda bolmak bilen gepleşikler stolyna oturmaga taýardygy ýene-de bir gezek bellenip geçiler, ýagdaýy Gresiýanyň dartgynlaşdyrýandygy, ädim etmeli bolan tarapyň hem Gresiýadygy nygtalyp geçiler. 

Ýewropanyň meseläniň çözgüdi babatynda tutanýerli we adalatly bolmagyna garaşýandyklaryny belläp geçjek Prezident Erdogan, Gümrük Bileleşigi ylalaşygynyň täzelenmegi we wiza erkinligi ýaly ugurlary hem gün tertibe getirer. 

Wideo aragatnaşyk arkaly maslahatyň Türkiýäniň wagty bilen sagat 14:00-da geçirilmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar