“Kovid-19-yň Sanyjymyny 2021-nji Ýylyň Birinji Ýarymynda Ulanmaga Bermäge Başlarys”

Prezident Erdogan Kowid-19-yň sanjymyny 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ulanmaga bermegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy

1494769
“Kovid-19-yň Sanyjymyny 2021-nji Ýylyň Birinji Ýarymynda Ulanmaga Bermäge Başlarys”

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

Kovid-19-a garşy görülýän çärelerde täze tapgyra geçiljekdigini nygtan Erdogan, gazanylan tejribä we ýetilen sepgide laýyklykda täze strategiýalaryň düzülendigini beýan etdi.

“Dowam edýän 8 sanjym barlaglaryndan 2-de haýwan synaglary üstünlik bilen tamamlandy” diýen Erdogan: “Sanjymy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ulanmaga bermäge başlarys” diýdi.

“Türkiýe epidemiýanyň başyndan bäri çäereler we hassalara berilýän hyzmatlar taýdan global derejede göreldeli ýurtlaryň hatarynda orun eýeledi” diýen Erdogan, kafeleriň we restoranlaryň gözegçililleri, çäklendirmelerde bolmaly adamlaryň sanlary, 65 ýaşdan ýokardaky raýatlaryň ulag gatnawlaryndan peýdalanýan sagatlaryna çäklendirme girizmek ýaly işleriň durmuşa geçiriljekdigini beýan etdi.

Prezident Erdogan: “Görülýän çäreler raýatlarymyza kynçylyk döretmek üçin däl, ähli raýatlarymyzy goramak üçin” diýdi.



Degişli Habarlar