"Ýurdumyzyň bir damja suwynam, bir garyş topragynam goramaga dowam ederis"

Prezident Erdogan: "Ýurdumyzyň bir damja suwynam, bir garyş topragynam goramaga dowam ederis" diýip belledi

1493787
"Ýurdumyzyň bir damja suwynam, bir garyş topragynam goramaga dowam ederis"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Türkiýe Respublikasy Döwletiniň 2 müň ýyllyk geçmişi bolan beýik we gadymy bir döwletdir" diýdi. 

Prezident Erdogan, Twitter hasabyndan düzüminde çözgüt we dialog mysaly bolan beýanat berdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiýe Respublikasy Döwletiniň 2 müň ýyllyk geçmişi bolan beýik we gadymy bir döwletdir. Hiç hili päsgelçilige büdüremän, başymyzdan geçirýän ähli etaplary agras we tutanýerli ýagdaýda alyp barýarys, öjükdiriji hereketlere çynlakaý çemeleşmeýäris. Biz ýürekden islendik çagyryşa diň salyp, diplomatiýany öňe sürmegiň, meseleleri dialogyň üsti bilen her tarapyň bähbidine laýyk ýagdaýda çözgüde gowuşdyrmagyň tarapdarydyrys. Ýurdumyzyň bir damja suwynam, bir garyş topragynam goramaga dowam ederis" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #suw , #damja , #toprak , #ýurt , #Erdogan

Degişli Habarlar