Erdogan Adalatly Çemeleşmekleri üçin ÝB-ne Çagyryş Berdi

Prezident Erdogan, ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1492795
Erdogan Adalatly Çemeleşmekleri üçin ÝB-ne Çagyryş Berdi

 

Prezident R. T. Erdogan, ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Prezident Erdogan bilen ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň we Gündogar Ortaýer deňiziniň başda durmagynda sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, ÝB-ne agza ýurtlara we guramalara, Gündogar Ortaýer deňiziniň başda durmagynda ähli sebitara meselelerde adalatly çemeleşmekleri üçin ýene-de bir gezek çagyryş berdi.

Türkiýäniň içgin we adalatly gepleşikler bilen ähli taraplaryň hukuklarynyň goralmagyny öz içine alýan çözgüde goldaw berýändigini nygtan Erdogan, äsgermezçiliklere we bir taraply hereketlere garşy Türkiýäniň ähli hukuklaryny we bähbitlerini hemişe we her ýerde goramaga dowam etjekdigini we bu meselede egilşik edilmejekdigini belledi.



Degişli Habarlar