Judi Dagynda 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Sebitde operasiýalaryň dowam edýär

1492494
Judi Dagynda 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” we “Ýefrat Galkany” operasiýalary zolagynda terror guramasy PKK/ÝPG-a agza 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden mesele hakynda berlen beýanatda, terrorçylaryň “Parahatçylyk Çeşmesi” we “Ýefrat Galkany” operasiýalary zolagyna girmäge çalşandygy we ot açandygy nygtaldy.

Beýanatda terror guramasy PKK/ÝPG-a agza 11 terrorçynyň Türk ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Türk ýaragly güýçleri bilen Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan 2016-njy ýylyň awgust aýynda Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy DAIŞ-e we ÝPG/PKK-a garşy “Ýefrat Galkany” 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda bolsa sebitde terror koridoryny açmaga synanşan PKK/ÝPG-ä garşy “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy başladylypdy.

Operasiýalarda Siriýanyň demirgazygy terrordan saplanypdy.

Ýurduň içinde guralýan operasiýalarda Şyrnagyň Silopi etrabynyň Judi Dagy etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanata görä, Ýyldyrym-1 Judi operasiýasynyň çäginde, Şyrnagyň Silopi etrabynyň Judi Dagy etrapçasynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýa guraldy.

Operasiýada 2 terrorçy 2M-16 tüpeňi bilen birlikde öli ýagdaýda ele salyndy.

Beýanatda sebitde operasiýalaryň dowam edýändigi nygtaldy.

 

 



Degişli Habarlar