Ömer Çelik: "Gresiýa garakçy bir döwletdir" diýdi

Ömer Çelik: "Gresiýa şu gün üçin Gündogar Ortaýer deňizinde bir garakçy döwletdir, öz boýuny aşýan işlere goşulýar" diýdi

1483216
Ömer Çelik: "Gresiýa garakçy bir döwletdir" diýdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik: "Gresiýa şu gün üçin Gündogar Ortaýer deňizinde bir garakçy döwletdir, öz boýuny aşýan işlere goşulýar" diýdi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Adalat we ösüş partiýasynyň Merkezi Dolanşyk Geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä geçiren metbugat ýygnagynda, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi. 

"Gresiýa şu gün üçin Gündogar Ortaýer deňizinde bir garakçy döwletdir, öz boýuny aşýan işlere goşulýar" diýen Ömer Çelik, Gündogar Ortaýer deňizinde geçirilýän işler bilen bagly: "Işlerimizi öz deňiz ygtyýar giňişliklerimiziň çäginde alyp barýarys, Gresiýany gyzyklandyrýan hiç hili mesele ýok" diýip belledi. 

Ömer Çelik: "Mawy Watan meselesinde soň ötünç soraljak bir herekediň ötünjini kabul etmeris, şu wagtdan aýdýarys" diýip nygtady. 

Ömer Çelik: "Fransuzlaryň ol ýere Rafael uçarlaryny ugradyp ýa-da Kipriň Grek bölegi bilen harby türgenleşik geçirip gazanjak hiç zady ýok. Ähli bu diplomatiýa Grek hökümetiniň uly ýeňlişi bilen netijelener" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar