"Üstünliklerimiz hakymyzy we bähbitlerimizi gorajakdygymyz baradaky ygtyýarymyzyň görkezijisidir"

Prezident Erdogan: "Üstünliklerimiz hakymyzy we bähbitlerimizi gorajakdygymyz baradaky ygtyýarymyzyň görkezijisidir" diýdi

1481502
"Üstünliklerimiz hakymyzy we bähbitlerimizi gorajakdygymyz baradaky ygtyýarymyzyň görkezijisidir"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 30-nji awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli Anytkabiri zyýarat etdi. 

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Respublikamyzyň 100-nji ýylyny belläp geçjek ýylymyz bolan 2023-nji ýyla ykdysady, harby, syýasy we diplomatik taýdan has güýçli, has garaşsyz, has abadan bir ýurt hökmünde girmekde tutanýerlidiris" diýip belledi. 

"Tapawutly ugurlar boýunça gazanan üstünliklerimiz, ýurdumyzyň hakyny we bähbitlerini gorajakdygymyz baradaky ygtyýarymyzyň görkezijisidir" diýip nygtady.

Erdogan: "Türkiýe esasan hem Gündogar Ortaýer deňizinde hemle, öjükdirme we haýýarlyk diline boýun bolmaz, halkara hukukdan we ikitaraplaýyn ylalaşyklardan gözbaş alýan hukuklaryny goramagyny dowam etdirer" diýip beýan etdi.



Degişli Habarlar