Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1481350
Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 39 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 6 müň 284 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 101 müň 814 adam testden geçirilip, ýene-de 1549 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1003 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 242 müň 812 adama ýetdi.



Degişli Habarlar