Koronawirus howply bolmagynda galýär

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1480337
Koronawirus howply bolmagynda galýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 26 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 6 müň 209 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 106 müň 111 adam testden geçirilip, ýene-de 1491 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 995 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 241 müň 792 adama ýetdi.



Degişli Habarlar