Erdogan Bilen Tramp Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Tramp özara gatnaşyklar we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy

1479791
Erdogan Bilen Tramp Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, Erdogan bilen Tramp telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we Gündogar Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Trampa, Gündogar Ortaýer deňizinde durnuksyzlyga sebäp bolan tarapyň Türkiýe bolmandygyny ýatlatdy we Türkiýäniň dartgynlygyň gowşamagyny we meseläniň gepleşik arkaly çözülmegini isleýändigini anyk tagallalar bilen subut edendigini belledi.



Degişli Habarlar