ABŞ-nyň Siriýa Boýunça Ýörite Wekili Jeýms Jeffri Ankara geldi
"Siriýa meselesiniň çözülmeginde Türkiýe uly rol oýnaýar"
ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri resmi sapar bilen Ankara geldi.
Ankaranyň Esenboga adyndaky howa menzilinde metbugata beýanat beren Jeffri, Ankara Ženewadan gelendigini nygtap, Siriýa meselesinde gowy habarlaryň bardygyny belledi.
Jeffri, Siriýa Konstitutsiýa komitetiniň geçirýän maslahatlarynyň 3-nji tapgyryna Ženewada başladandygyny ýatladyp, “Gowy başlangyçdy. Türkiýäniň, Siriýa Konstitutsiýa komitetiniň ähli agzalaryny, esasan oppozisionerleri höweslendirmegi diýsen täsirli boldy” diýdi.
Jeffri, Siriýa meselesiniň çözülmeginde Türkiýäniň uly rol oýnaýandygyny belledi.
Jeffri, düýn Siriýa Konstitutsiýa komitetiniň geçirýän maslahatlarynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde Ženewada saparda bolýan Daşary işler ministriniň orunbasary ilçi Sedat Önal bilen duşuşypdy.
Degişli Habarlar
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi