Wan welaýatynda bir terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Beýleki tarapdan Siriýanyň Kamyşly etrabynda türk esgerlerine boýun egen PKK-a agza 1 terrorçy Ygdyr welaýatyna alynyp gidildi
Wan welaýatynyň Başkale etrabynda Žandarma güýçleri tarapyndan geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde Wan welaýatynyň Başkale etrabynda Welaýat Žandarma serkerdeligine bagly Žandarmanyň ýöriteleşdirilen topary tarapyndan operasiýanyň geçirilendigi bellenip, ýüze çykan çaknyşykda 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.
Beýanatda, terrorçy bilen birlikde 1 sany M-16 tüpeňiniň we köp mukdarda ok-däriniň ele salynandygy, sebitde bolsa operasiýanyň dowam edýändigi habar berildi.
Beýleki tarapdan Siriýanyň Kamyşly etrabynda türk esgerlerine boýun egen PKK-a agza 1 terrorçy Ygdyr welaýatyna alynyp gidildi.
Siriýanyň Deýrizor etrabynda iş alyp barandygy habar berilen terrorçy, Ygdyr Welaýatynyň Žandarma serkerdeliginiň işgärleri tarapyndan Ygdyra şäherine getirildi.
Soňky wagtlarda geçirilýän täsirli operasiýalaryň netijesinde dargama etabyna girendigi bellenen terror guramasynyň agzalarynyň ynandyrylyp boýun egmekleri üçin geçirilýän işler giň gerimli dowam etdirilýär.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.